Omar Haýýam Rubagylar
Öpsem Aýagyňdan, Eý Zülpi Tarym – Omar Haýýam Rubagylar
Öpsem aýagyňdan, eý zülpi tarym, Özge leb sormakdan ýegdir bu kärim, Gündizler hyýalyň synynda elim, Gijeler waslyňa ýetmek mydarym.
Şerabyň Güýjünden Şat Biz Elmydam – Omar Haýýam Rubagylar
Şerabyň güýjünden şat biz elmydam, Meýlisde taýýardyr al şeraply jam, Işimiz meý bilen dodagy söýmek Taşla nesihatyň, eý sopy, eý ham!
Sýňk, Siňir, Damaryä Bir Bolsa Tende – Omar Haýýam Rubagylar
Sýňk, siňir, damaryä bir bolsa tende, Bolmagyn durmuşda hiç kime bende, Boýun egme duşmana, bolsa Rýstem, Zal, Ýalynma, Hatam dek dost bolsa sende.
Umyt Bilen Etdim Ömrümi Berbat – Omar Haýýam Rubagylar
Umyt bilen etdim ömrümi berbat, Bolmadym bir gün hem durmuşymdan şat, Indi öç alaýyn diýsem dünýäden, Gorkýaryn, zamana wagt bermez zyýat.
Asmanda Ýerleşen Gök Ýyldyzlary – Omar Haýýam Rubagylar
Asmanda ýerleşen gök ýyldyzlary, Haýrana galdyrýar akly düzleri, Täleýiňi ýyldyzlardan agtarma, Çünki sergezdandyr olaň özleri.
Bir Derejä Ýeten Ululaň Bary – Omar Haýýam Rubagylar
Bir derejä ýeten ululaň bary, Gaýgygam, barynyň hars urmak käri, Betnebis bolmasaň özleri kimin, Adam hasaplamaz seni hiç biri.
Bulguryň Lebine Leb Goýup Birden – Omar Haýýam Rubagylar
Bulguryň lebine leb goýup birden, Köp ýaşamak ýolun sordum bulgurdan, Dodak dodakdaka diýdi ol gizlin: «Içiber, gelmek ýok – gitseň bu ýerden».
Diýýärler;jennet Bar, Hem Onda Hüýrler – Omar Haýýam Rubagylar
Diýýärler;Jennet bar, hem onda hüýrler, Ol ýerde süýji bal, al şerap biýrler», Meý içip ýar söýsek rowadyr munda, «Şeýle hem boljakdyr iş soňy» diýrler.
Dup-Dury, Päkize Eý Bada, Seni – Omar Haýýam Rubagylar
Dup-dury, päkize eý bada, seni, Şeýle bir içerin, bolmasyn çeni, «Nireden gelýärsiň, eý şerap aga?» Diýip gygyrsynlar görenler meni.
Eý Saky, Bu Köňli Köp Ýykar Zaman – Omar Haýýam Rubagylar
Eý saky, bu köňli köp ýykar zaman, Biz üçin galara jaý däldir jahan. Biziň aramyzda bolsa meý jamy, Adalat bizdedir – bilgin bigüman.
Garşylyk Baýdagyn Galdyryn Erte – Omar Haýýam Rubagylar
Garşylyk baýdagyn galdyryn erte, Meý içerin ak sak bilen, ýörite, Ömrümiň pellesi ýetmişe ýetdi, Şu dem şatlanmasam, galam hesrete.
Gördým Meýhanada Bir Serhoş Piri – Omar Haýýam Rubagylar
Gördým meýhanada bir serhoş piri, Soradym;Gidenler bolarmy diri?» Diýdi;Meý iç, ençe biziň ýalylar Gidendirler, emma gelmedi biri».
Her Kim Iki Günde Ýetse Bir Nana – Omar Haýýam Rubagylar
Her kim iki günde ýetse bir nana, Döwýk gapdan suw tapdyrsa ynsana, Neçüýn hyzmat eder özi dek kişä, Ýa neçüýn gul bolar her bir nadana?
Jahana Goýanda Taňry Esasy – Omar Haýýam Rubagylar
Jahana goýanda taňry esasy Nämüçin goýupdyr onda kem-käsi? Kemçilik ýok bolsa, nämüçin ýykýar? Eger kemi bolsa – kimiň günäsi?
Meçjit, Medresede – Tagat Öýünde – Omar Haýýam Rubagylar
Meçjit, medresede – tagat öýünde, Dowzahdan gorkarlar, jennet küýünde, Tebigat syrlarna düşünen adam Beýle tohumlardan ekmez göwünde.
Meý – Oýnadyp Bökdüýr Dag Bilen Düzi – Omar Haýýam Rubagylar
Meý – oýnadyp bökdüýr dag bilen düzi, Ony haram eden – haramdyr özi, Toba eýlemegi etme nesihat, Arassa göwünli edýär ol bizi.
Meýhana Meslerne Baş Serkerde Men – Omar Haýýam Rubagylar
Meýhana meslerne baş serkerde men, Boş sözler sebäpli galan derde men, Ýürek gany bilen mynajat edip, Şeraba ýalbarýan gijelerde men.
Örän Ýiti Bir Ýaragym Bar Elde – Omar Haýýam Rubagylar
Örän ýiti bir ýaragym bar elde, Ol täze bap açýar maňa her ýylda, Duşmanyň ýüregi kebapdyr menden, Kellesi hem şerabyma jam golda.
Şerabyň Ýuwdumy Deger Jahana – Omar Haýýam Rubagylar
Şerabyň ýuwdumy deger jahana, Meý gabyň gapagy barabar jana, Meýli dodaklary süpüren ýaglyk Dogrudan, taý geler müň teýlesana.
Tagatdan Gowudyr Bir Göwün Alsaň – Omar Haýýam Rubagylar
Tagatdan gowudyr bir göwün alsaň, Ýagşydyr bilen hem meýlisdeş bolsaň, Bir göwne taý gelmez, ýüz palçyk Käbe, Haja neçüýn gidýäň, göwün tap, bilseň!