Omar Haýýam Rubagylar
Saky, Ýeriňden Tur, Daň Atdy, Ine – Omar Haýýam Rubagylar
Saky, ýeriňden tur, daň atdy, ine, Bulrury dolduryp, şerap bersene, Bu amanat demi pany dünýäde Her näçe gözleseň –tapmarsyň ýene.
Söýgülim, Haýsy El Ýaratdy Seni – Omar Haýýam Rubagylar
Söýgülim, haýsy el ýaratdy seni Görküň utandyrdy aý şöhlesini, Gözeller baýram diýp ýüzün bezese, Sen ýüzüň husnundan bezeýäň ony.
Täze, Köne Meýiň Biz Hyrydary – Omar Haýýam Rubagylar
Täze, köne meýiň biz hyrydary, Dünýäniň bahasy bir däne dary, Bilýärmiň öleňsoň gitjek ýeriňi? Her ýerik gitseň git – meý äber bäri.
Ýyrtyjy Ýolbars Dek Awda Barymyz – Omar Haýýam Rubagylar
Ýyrtyjy ýolbars dek awda barymyz, Elmydam hars urmak dert-azarymyz, Ähli işlermize bir-bir garalsa, Açyk belli bolar biziň kärimiz.
Bar, Toprak At Çarhy-Pelek Başyna – Omar Haýýam Rubagylar
Bar, toprak at çarhy-pelek başyna, Meý içip, gözelleň aýlan daşyna, Gidenlerden bir hem gaýdyp gelen ýok, Ýeri däl meýl etmek tagat işine.
Biziň Depdermizdem, Jahan Syrlary – Omar Haýýam Rubagylar
Biziň depdermizdem, jahan syrlary, Aýdylsa, ýagdyrlar dürli şerleri, Halkyň aň-bilimi ýetne bolansoä, Aýdyp bolmaz ýürekdäki barlary.
Däbimdir Meý Içip, Hoş Bolmak Zyýat – Omar Haýýam Rubagylar
Däbimdir meý içip, hoş bolmak zyýat, Niýetim dinlerden bolmakdyr azat, Soradym galňyny dünýä gelniniň, Diýdi;Galňym şoldur bolsa köňlüň şat».
Dostumdyr-Keseki Eýlese Wepa – Omar Haýýam Rubagylar
Dostumdyr-keseki eýlese wepa, Ýagymdyr-ýakynym ger berse jepa, Bal-eger ýakmasa, zäherdir maňa, Dermandyr – zäherden tapaýsam şypa.
Ertir Ne Boljagny Bilmez Adamzat – Omar Haýýam Rubagylar
Ertir ne boljagny bilmez adamzat, Başarsaň eýlegin däli köňli şat, Aýyň ýagtysyna meý iç, eý aýym, Soň bizi tapmaz ol, nur salyp zyýat. ===========0 Meýhanada…
Eý, Başda Ýanmaga Bolan Sezewar! – Omar Haýýam Rubagylar
Eý, başda ýanmaga bolan sezewar! Eý, öňden dowzaha edilen duçar! Rehim isläp haka ýüzlenme, Omar! Oňa sapak biýre näme hetdiň bar?
Geldim Men Dolanyp Meçjide Ine – Omar Haýýam Rubagylar
Geldim men dolanyp meçjide ine, Dogrusy, namaz diýp gelmedim ýöne, Ogurlapdym ozal bir namazlygy, Ol indi köneldi, geldim men ýene.
Gün Ýagty Salanda Dünýä Ýalbyrap – Omar Haýýam Rubagylar
Gün ýagty salanda dünýä ýalbyrap, Şerap jamy dursun eliňde parlap, Diýýärler;dogry söz ajy bolarmyş», Şu delile görä – halaldyr şerap.
Hiç Kime Syryny Diýmäýin Pelek – Omar Haýýam Rubagylar
Hiç kime syryny diýmäýin pelek, Şalaryň başyna getirdi kelek, Şerap iç, gelmersiň gaýtadan dünýä, Ömür berilmeýär ikinji gezek.
Kim Jahanda Eden Däldir Gününi – Omar Haýýam Rubagylar
Kim jahanda eden däldir gününi, Günäsizler neneň geçir jahany, Men günä gazansam, sen jeza berseň, Onda ikimiziň parhymyz hany?
Meniň Elim Kimin Meý Gutan Eli – Omar Haýýam Rubagylar
Meniň elim kimin meý gutan eli Uzatmak gurhana ýaraşmaz weli, Sen gury sopy sen, men bir öl pasyk, Ot guryny ýakar – ol ýakmaz öli.
Meý Içip, Göwnümiz Gel, Şat Edeliň – Omar Haýýam Rubagylar
Meý içip, göwnümiz gel, şat edeliň, Gelerden-geçerden kem ýat edeliň, Gam laýyna batan bu ýesir göwni Akyl duzagyndan azat edeliň.
Ol Ýyldyzlar Bezeg Berip Asmana – Omar Haýýam Rubagylar
Ol ýyldyzlar bezeg berip asmana, Dogar, ýaşar, köp dolanar zamana, Asmanyň astynda, ýeriň üstünde, Hemişelik dogurmak bar ynsana.
Sanjylman Bir Tiken, Galman Azara – Omar Haýýam Rubagylar
Sanjylman bir tiken, galman azara, Ýetmedi dünýäde hiç kim gülzara, Daraga bak, dilim-dilim bolmazdan Hetdi ýokdur ýar zülpüni bezäre.
Soýulyk Ylmyndan Gaçan Ýagşydyr – Omar Haýýam Rubagylar
Soýulyk ylmyndan gaçan ýagşydyr, Bir ýaryň bilini guçan ýagşydyr, Dünýä ganymyzy içmezden ozal, Üzümiň ganyny içen ýagşydyr.
Tebigat Her Güli Çykarsa Ýerden – Omar Haýýam Rubagylar
Tebigat her güli çykarsa ýerden, Ýene guma garyp, ýok edýär birden, Toprak bulut bolup asmana galsa, Aşyklaryň gany ýagar ýokardan.
Adamzatdyr Ähli Mahlugyň Başy – Omar Haýýam Rubagylar
Adamzatdyr ähli mahlugyň başy, Zyýadadyr onuň akyly-huşy, Dünýä tegelegi bir ýüzük bolsa, – Ynsandyr – bezegi, zynaty, gaşy.
Bilermiň Horazlar Her Daňda-Säher – Omar Haýýam Rubagylar
Bilermiň horazlar her daňda-säher, Gygyryp, zarynlap gör näme diýer: «Daňyň aýnasynda görüm ömrüäden Bir gije geçdi seň, galdyň bihabar».
Bolandyr Bizden Öň Gije Hem Gündiz – Omar Haýýam Rubagylar
Bolandyr bizden öň gije hem gündiz, Aýlanandyr aýlar, günler durman tiz, Assa bas gadamyň, ol basan ýeriň Bir ýaryň gözünden tozap galan yz
Daryny Duzakdan Saýgarman Ýürek – Omar Haýýam Rubagylar
Daryny duzakdan saýgarman ýürek Kä meçjide tarap, kä şerap gerek. Ömrüň meýhanada ýar bilen geçse, Meçjitde çüýränden ýegdir, biderek.
Dünýäde Ýokary Ylym Alanlar – Omar Haýýam Rubagylar
Dünýäde ýokary ylym alanlar, Yşyk dek dostlarna şöhle salanlar, Bu gara gijeden çykalga tapman, Ahyr ukadylar ýaňrap ýalanlar.
Eý Köňül, Dünýäniň Syrna Ýetmez Sen – Omar Haýýam Rubagylar
Eý köňül, dünýäniň syrna ýetmez sen Aňda akyllardan ozup – ötmez sen, Munda bir jennet gur meý bilen jamdan, Jennete ýa ýeter, ýa-da ýetmez sen.
Eý Taňry, Ol Ýaryň Jemalyn Özüň – Omar Haýýam Rubagylar
Eý taňry, ol ýaryň jemalyn özüň, Bezäp-de, diýýärsiň: – Görmesin gözüň, «Bir doly käsäni gyşart-da, dökme!» diýene meňzeýär seniň bu sözüň.
Getirme Başyňa Boş Hyýal Hergiz – Omar Haýýam Rubagylar
Getirme başyňa boş hyýal hergiz, Dolduryp käsäni şerap iç tiz-tiz, Üzüm gyzy bilen hoş geçir wagtyň, Halal enesinden ýegdir haram gyz.
Günäkär Bende Men, Keremiň Hany – Omar Haýýam Rubagylar
Günäkär bende men, keremiň hany Ýaraly göwnüme bir emiň hany? Tagatyň ýerine behişdi berseň, Bu biziň hakymyz – berimiň hany?
Iç, Alymlar Bilen Ger Içseň Bada – Omar Haýýam Rubagylar
Iç, alymlar bilen ger içseň bada, Gül ýüzli bir zyba ýar bilen ýa-da, Köp içme, ýaňrama, adat edinme, Gizlin iç, käwagt, iç-içme zyýada.
Kim Seni Meslikde Bize Getiren – Omar Haýýam Rubagylar
Kim seni meslikde bize getiren, Perdeden çykaryp bärik ataran, Sensizde ýalyn dek ýananyň ýanna Kim seni ýüwürdip, ýel dek ýetiren.
Menden Soň Bir Ýeri Dostlar At Ediň – Omar Haýýam Rubagylar
menden soň bir ýeri dostlar at ediň, şol ýere ýygnanyp göwün şat ediň, saky uzadanda meý jamyn size, Omar pahyry-da şonda ýat ediň.
Meý Içsem, Sopular Sagdan Hem Soldan – Omar Haýýam Rubagylar
Meý içsem, sopular sagdan hem soldan, Diýýärler;Içmegin, çykarsyň ýoldan», Meý diniň ganymy-ganym ganyny Içmeklik dowadyr-içerin bolsan.
Ölemde Meý Bilen Ýuwuň Siz Meni – Omar Haýýam Rubagylar
Ölemde meý bilen ýuwuň siz meni, Pata ýerne – içiň jaýlanan güni Kyýamatda meni tapjak bolsaňyz, Agtaryň meýhanaň ýanyndan göni.
Şat Geçir, Dünýäniň Köpdür Azary – Omar Haýýam Rubagylar
Şat geçir, dünýäniň köpdür azary, Sansyz gonar-göçer Ýedigen bary, Seniň topragyňdan ýasalan kerpiç Başgalaň tamynyň bolar diwary.
Soýy Bizçe Bilmez Keremin, Alla – Omar Haýýam Rubagylar
Soýy bizçe bilmez keremin, alla, Bigäne tanyş dek, tanamaz, walla, – Günä etseň, jaýyň dowzahdyr – diýdiň, Sen bu sözüň sopa, işana ýollar.
Utanar Zamana Ol Kesden Aşa – Omar Haýýam Rubagylar
Utanar zamana ol kesden aşa, Dünýä gamy üçin batsa gözýaşa, Göter pyýalany, aýdym-saz bilen Ömür pyýalamyz degmezden daşa.
Ajal Okun Atsa, Galkanlar Hiçdir – Omar Haýýam Rubagylar
Ajal okun atsa, galkanlar hiçdir, Ähli baýlyklara bakmaýan güýçdür, Her näçe syn etsem dünýäň işine, Ýagşylyk ýagşydyr – özgesi puçdur.
Bir Bossana Girip Görse Bir Bilbil – Omar Haýýam Rubagylar
Bir bossana girip görse bir bilbil, Her ýanda ýylgyrýar meý jamy hem gül, Geldi-de, gulagma diýdi ýuwaşja: «Geçen dem tapdyrmaz, sen gadyryn bil!»
Bu Çarhypelegiň Zulumdyr Işi – Omar Haýýam Rubagylar
Bu çarhypelegiň zulumdyr işi, Maksada ýetmedi munda bir kişi, Her ýerde görse ol, bir dagly ýürek, Ýene bir dag basar, gyzdyryp çişi.
Däldirs Biz Şalaň Täjine Eýe – Omar Haýýam Rubagylar
Däldirs biz şalaň täjine eýe Selläni bereris meýlise toýa, Hile leşgeriniň nyşany bolan, Tesbini satarys bir käse meýe.
Dünýä Syrlaryna Düşünjek Bolup – Omar Haýýam Rubagylar
Dünýä syrlaryna düşünjek bolup, Bihuda gam çekme, saralyp-solup, Şat geçir, bu jahan guralan wagty Etmediler saňa maslahat gelip.
Eý Pelek, Horluklar Seniň Kinäňden – Omar Haýýam Rubagylar
Eý pelek, horluklar seniň kinäňden, Zulum hem kebr etmek – köne şiwäňden, Eý toprak, dilseler seniň bagryňy, Köp gymmat göwherler çykar synaňdan.
Eý Taňry Kerim Sen, Kerem Köp Sende – Omar Haýýam Rubagylar
Eý taňry kerim sen, kerem köp sende, Neçüýn uçma barmaz günäkär bende, Tagat üçin geçseň – ol kerem bolmaz, Günämizi geçseň, kerim – sen şonda.
Getirme Göwnüňe Panydan Bir Gam – Omar Haýýam Rubagylar
Getirme göwnüňe panydan bir gam, Tur, eý dost, ýeriňden – şat geçir bir dem Aslynda jahandan bolsady wepa, Nobat öňkülerden saňa ýetmez hem.
Gülüň Möwsümidir, Baga Gideliň – Omar Haýýam Rubagylar
Gülüň möwsümidir, baga gideliň, Şerigata garşy bir iş edeliň, Gül ýaňakly ýarlar bilen şerapdan Göklügi gülzara öwrüp gaýdalyň.
Hüýr Sypat Bir Gözel Pasly-Baharda – Omar Haýýam Rubagylar
Hüýr sypat bir gözel pasly-baharda, Çemenli gülzarda uzatsa bada, Adamlaň gözüne erbet bolsa-da, It boldugym – salsam behişdi ýada.
Köňül Şatlygyndan Galdy Diňe At – Omar Haýýam Rubagylar
Köňül şatlygyndan galdy diňe at, Bize galan ýalňyz jam boldy, heýhat! Eliňi aýyrma küýzäň boýnundan, Galmady bir hemdem meýdan özge zat.
Meni Getirmekden Baý Bolmaz Pany – Omar Haýýam Rubagylar
Meni getirmekden baý bolmaz pany, Ýa-da äkitmekden artmaz oň şany, Eştmedi hiç kimden iki gulagym: Getirmek – äkitmek neçüýn ynsany?
Meý Içýän Diýp, Mese Berme Gyjalat – Omar Haýýam Rubagylar
«Meý içýän» diýp, mese berme gyjalat, Hile torun gurma, aldawyň bes et, Sen gabarma «men meý içmeýän» diýip, Ýüz dürli iş edýäň meýden-de erbet.