Omar Haýýam Rubagylar
Niçesar Söger Sen, Eý Sopy, Eý Ham – Omar Haýýam Rubagylar
Niçesar söger sen, eý sopy, eý ham, Wagtymyz hoş meýhanada elmydam. Sen ýektaýyň, tesbiň, hiläň gamynda, Biz bolsak ýar bilen göterýäris jam.
Säher Meýhanadan Çykdy Bir Seda – Omar Haýýam Rubagylar
Säher meýhanadan çykdy bir seda Meýhananyň mesi, eý düli-şeýda Tur, ömýr käsämiz dolmazdan owal Pyýalany meýden dolduran peýda.
Şunça Gam Çeker Sen Bolmadyk Işe – Omar Haýýam Rubagylar
Şunça gam çeker sen bolmadyk işe, Hars uranyň paýy gamdyr hemişe. Şerap iç, üýtgemez ýazylan kysmat, Her näçe etseň-de gaýgy-endişe.
Ýakut Dodak Ol Dilaram Nirede – Omar Haýýam Rubagylar
Ýakut dodak ol dilaram nirede Janymyň rahaty meý, jam nirede? Diýýärler;Haramdyr yslamda», emma Içiber, gam çekme, yslam nirede?
Akmaklyk Ýüzünden Bu Üç-Dört Baýar – Omar Haýýam Rubagylar
Akmaklyk ýüzünden bu üç-dört baýar Hemmeden özüni bilimli saýar, Şat bol, eşeklikden bular özi dek Eşek bolmadyga dinsiz at goýar.
Bilýärmiň Söýgülim, Haçandan Bäri – Omar Haýýam Rubagylar
Bilýärmiň söýgülim, haçandan bäri, Bir güzer etmediň sen biziň sary, Ne habar gönderdiň, ne özüň geldiň, Biler ýaly sensiz çekilen zary.
Bu Dünýäni Gördüň, Göreniň Hiçdir – Omar Haýýam Rubagylar
Bu dünýäni gördüň, göreniň hiçdir, Eşdeniň, sözläniň bary hem puçdur, Her näçe ylgasaň haýry ýok munda, Öýde ýatanyň-da bihuda işdir.
Diýýärler; Din Bilen Bolsa Her Topar – Omar Haýýam Rubagylar
Diýýärler; Din bilen bolsa her topar, Nähili ölseler – şeýle hem gopar», Magşar gün gabyrdan bile çykmaga Aýrylman şerapdan, ýardan bir sapar.
Dünýäniň Gamyndan Söhbet Açjak Däl – Omar Haýýam Rubagylar
Dünýäniň gamyndan söhbet açjak däl, Gül reňkli arassa meýden geçjek däl, Meý dünýäň ganydyr, jahan gandarmyz – Gandyryň ganyny neneň içjek däl?!
Eý Şäher Kazysy, Biz Senden Işli – Omar Haýýam Rubagylar
Eý şäher kazysy, biz senden işli, Şeýle meslikde hem sizlerden huşly, Siz adam ganyny, biz üzüm suwun, Dogryňy aýt, içmekde haýsymyz güýçli?
Eý, Pelek, Ne Duzy Bilýäň Ne Nany – Omar Haýýam Rubagylar
Eý, pelek, ne duzy bilýäň ne nany, Balyk dek dogurýaň çyplak ynsany, Tikinçiň çarhyndan geýinýär adam, Senden şol tigiriň artykdyr şany.
Gökde Bir Sygyr Bar, Adydyr Perwin – Omar Haýýam Rubagylar
Gökde bir sygyr bar, adydyr Perwin, Ýene biri ýeriň astynda gizlin, Bu iki sygyryň aralygynda Bir topar eşek bar, eger etseň syn.
Guýulsa Bulgura Bir Damja Şerap – Omar Haýýam Rubagylar
Guýulsa bulgura bir damja şerap, Synadan gam odun söndürer ýarap, Ýüregi ýüz gamdan gutaran suwa, Eý Taňry, nämüçin diýmersiň sogap?!
Ikiýüzlülikden Gandyr Ýüregim – Omar Haýýam Rubagylar
Ikiýüzlülikden gandyr ýüregim, Eý saky, meý getir, şoldur geregim, Selle, namazlygy girew goý meýe Goý, şeýle berk bolsun meniň diregim.
Küýze Ussalary Laý Eden Güni – Omar Haýýam Rubagylar
Küýze ussalary laý eden güni, Oýlanşyp bir pikir etsinler muny, Haçana çen basalarlar depeläp, Beden topragydyr, oýlamaz ony.
Meslere Baglydyr Meýhanaň Şany – Omar Haýýam Rubagylar
Meslere baglydyr meýhanaň şany, Müňlerçe tobanyň boýnumda gany, Rehmetiň bezegi günälermizdir, Men günä etmesem, hany ýalkany?
Meýhana Gidemde Her Gün, Her Säher – Omar Haýýam Rubagylar
Meýhana gidemde her gün, her säher, Mesler bilen oturamda her sapar, Ähli gizlin syrlar eliňde bolsa, Biz tagat edeli, özüň ynsap ber.
Ömür Kitabyndan Açdym Bir Paly – Omar Haýýam Rubagylar
Ömür kitabyndan açdym bir paly, Düşündim men ondan şeýle ahwaly: Örän bagtlydyr, bolsa her kimiň Uzyn gijeleri, ýary aý ýaly.
Saz Bolsa, Meý Bolsa, Gözel Ýar Bolsa – Omar Haýýam Rubagylar
Saz bolsa, meý bolsa, gözel ýar bolsa, Akar suw kenary hem gülzar bolsa, Ölçeme ojagyn sönen dowzahyň, Şudur jennet, eger jennet bar bolsa,
Şunça Ýesiri Sen Reňkiň-Ysyň – Omar Haýýam Rubagylar
Şunça ýesiri sen reňkiň-ysyň, Ylgar sen yzyndan oňadyň-pisiň, Zemzem çeşmesimiň – ýa dirlik suwy Gara ýer astyna ahyr girersiň.
Ýaltanma, Hakykat Borjuňy Bitir – Omar Haýýam Rubagylar
Ýaltanma, hakykat borjuňy bitir, Nanyňy gysganma özgä-de ýetir, Malyňa, janyňa kast etme kimsäň, Ahyret boýnuma – bar, şerap getir.
Aň-Bilim Ugrunda Söý Akyl-Huşy – Omar Haýýam Rubagylar
Aň-bilim ugrunda söý akyl-huşy, Söýme, bet kişini, ger tapsaň ýagşy, Ilhalka özýňi söýdýrjek bolsaň, Hoş gylyk bol, bolma ulumsy kişi.
Başymda Üzüm Suw Bolmadyk Zaman – Omar Haýýam Rubagylar
Başymda üzüm suw bolmadyk zaman Zäherdir dünýäden ýetse-de derman. Gaýgy-gam zäherdir, dermany – şerap, Her kim ony içse – zäherden aman.
Bu Günki Günmüziň – Adydyr Anna – Omar Haýýam Rubagylar
Bu günki günmüziň – adydyr anna, Käse näme gerek, gapdan iç – gan-da, Düýn içeniň bir gap bolsa – sen bu gün Iç ikini –…
Diýýärler;din Bilen Bolsa Her Topar – Omar Haýýam Rubagylar
Diýýärler;Din bilen bolsa her topar, Nähili ölseler – şeýle hem gopar», Magşar gün gabyrdan bile çykmaga Aýrylman şerapdan, ýardan bir sapar.
Düňderlip Goýulan Tabakdyr Asman – Omar Haýýam Rubagylar
Düňderlip goýulan tabakdyr asman, Men diýen alymlar astynda haýran, Serediň jam bilen çüýşäň dostlugna, Dodak dodakdadyr, arada hem gan.
Eşekdir Namazlyk Söýýän Toparlar – Omar Haýýam Rubagylar
Eşekdir namazlyk söýýän toparlar, Ýükleri hiledir, her ýan çaparlar, Dinsizden beterdir, görnüşi yslam, Soýulyk perdesin ýüze ýaparlar.
Eý, Ýaman Iş Edip, Ýagşydan Gaçan – Omar Haýýam Rubagylar
Eý, ýaman iş edip, ýagşydan gaçan, Soň allaň keremne gujagyn açan, Bagyşlar diýp ynam etme sen oňa, Günäli-günäsiz deň däl hiç haçan.
Gijäni Ýagtyltdy Aý Nurun Saçyp – Omar Haýýam Rubagylar
Gijäni ýagtyltdy aý nurun saçyp, Bu pursat tapdyrmaz, hoş geçir içip, Oýlan, ençe gözläp bizi tapmaz aý, Nur saçyp gabrymza, köp gelip-geçip.
Haçan Ele Alsam Jam Bilen Şerap – Omar Haýýam Rubagylar
Haçan ele alsam jam bilen şerap, Şatlygyň zorundan mes bolýan ýarap, Her zatdan tapýaryn ýüz ajap many Ýalyn dek göwünden suw dek söz gurap.
Isle Meni Aýralykda Oda Ýak – Omar Haýýam Rubagylar
Isle meni aýralykda oda ýak, Isle ýetir wysalyna, gülüp bak, Göwnüň ne islese, şeýle bol maňa, Men saňa bu hakda bermerin sapak.
Meçjit, Buthanadan Söz Uzatma, Bes! – Omar Haýýam Rubagylar
Meçjit, buthanadan söz uzatma, bes! Mehiştden, dowzahdan ýaňramagyň kes! Ykbalyň ozaldan ýazylgy bolsa, Oraza, namazyň barysy hebes.
Meslere Käýinme, Pendimi Alsaň – Omar Haýýam Rubagylar
Meslere käýinme, pendimi alsaň, Ýagşylar ýanyndan kowulma, bilseň, Şeraby içeniň-içmäniň bilen Behişde barmarsyň – dowzahy bolsaň.
Meýhana Meslerden, Goý, Doly Bolsun – Omar Haýýam Rubagylar
Meýhana meslerden, goý, doly bolsun, Soýulaň etegi ýansyn, ot alsyn, Dürli reňkde bolan don bilen selle Mesleriň aýagnyň astynda galsyn.
Öpikire Çümmeýän Bir Gijäm Bolmaz – Omar Haýýam Rubagylar
öPikire çümmeýän bir gijäm bolmaz, agysyz bir gijäm ýadyma gelmez, bu kelle käsesi mydam pikirde, düňderlen pyýala hiç haçan dolmaz.
Seniň Erkiňdedir Öli Hem Diri – Omar Haýýam Rubagylar
Seniň erkiňdedir öli hem diri, Hem sensiň dagynyk pelegiň piri, Men erbet bolsam-da, sen meniň eýäm, Ýaradan sen özüň – kimiň tagsyry?
Suwy Bilen Tohmum Ekdiler – Omar Haýýam Rubagylar
Ýokduk suwy bilen tohmum ekdiler, Ryhumy hem gam oduna ýakdylar. Dünýäniň daşyna ýel dek pyrlanyp, Gözlerin topragmy, nirden çekdiler.
Ýazypdyr Maňlaýma Meý-Meslik Kärin – Omar Haýýam Rubagylar
Ýazypdyr maňlaýma meý-meslik kärin, Neçüýn ýagdyrarlar melamat baryn? Käşki mes etsedi her bir haram zat, Men sag görmesedim dünýäde birin.
At-Abraý Gazanmagy Oslasaň – Omar Haýýam Rubagylar
At-abraý gazanmagy oslasaň, Söýülmegi ýüregiňe besleseň, Jöhit, tersa, mümünleriň yzyndan Gybat etme, bir ýagşy at isleseň.
Bir Küýze Meý Bolsa, Bir Şygyr Diwan – Omar Haýýam Rubagylar
Bir küýze meý bolsa, bir şygyr diwan, Azajyk suw bolsa, ýene ýarty nan, Ikimiz otursak bir harabada Patyşa mülkünden hoşdur bu döwran.
Bolmaz Bu Jahanda Parahat Ýatmak – Omar Haýýam Rubagylar
Bolmaz bu jahanda parahat ýatmak, Hem bu ýoluň ýokdur soňuna ýetmek, Käşki ýer garnyndan ýüz müň ýyldan soň Bolsady bir umyt gögerip bitmek.
Diýýärler Dowzaha Düşjekmiş Içýän – Omar Haýýam Rubagylar
Diýýärler Dowzaha düşjekmiş içýän Ynanma bu söze, bir ýalan beýan, Mes bilen aşyk hem dowzahy bolsa, Erte ol jenneti boş galar, aýan.
Durmuş Hem Bagt Üçin Çalyşan Akyl – Omar Haýýam Rubagylar
Durmuş hem bagt üçin çalyşan akyl, Her günde ýüz gezek eýleýär nakyl: «Şat geçir ömrüňi, ýorunja dälsiň, orlup, gögermersiň, muny ýagşy bil!»
Eý Saky Gül, Çemen Iň Oňat Bir Zat – Omar Haýýam Rubagylar
Eý saky gül, çemen iň oňat bir zat, Seretseň bäş günden bolarlar berbat, Meý içip, gül ysga – bäş gündür dünýä. Gül-çemen topraga öwrüler aňsat.
Gadyrly Dost-Ýarlar Bir-Bir Öldüler – Omar Haýýam Rubagylar
Gadyrly dost-ýarlar bir-bir öldüler, Ajalyň elinden gül dek soldular, Meý bolan meýlisde bile içişip, Bizden üçdört döwür öň mes boldular.
Gezip Başlan Günün Bu Altyn Tasyň – Omar Haýýam Rubagylar
Gezip başlan günün bu altyn tasyň, Dargajak wagtyny hem bu esasyň, Bilmek bolmaz akyl ölçegi bilen Bu hakda haýry ýok çeniň hem bäsiň.
Hakykat Syrlaryn Ne Sowal Bilen – Omar Haýýam Rubagylar
Hakykat syrlaryn ne sowal bilen, Ne-de bilmek bolar mülki-mal bilen, Gan ýuwudyp, jan çekmeseň elli ýyl, Tanyş bolmak bolmaz dogry hal bilen.
Islegmizçe Dolanmasa Bu Jahan – Omar Haýýam Rubagylar
islegmizçe dolanmasa bu jahan, Isle ýedi bolsun, ýa sekiz asman, Ölýänçäm men iki güne gam iýmen: Biri geçen, biri gelmedik zaman.
Mazarym Ýok Ediň, Bolmasyn Tapmak – Omar Haýýam Rubagylar
Mazarym ýok ediň, bolmasyn tapmak, Ahwalym ynsana ediň siz sapak, Eýläp topragymy al şerap bilen, Meý gabyň agzyna bejeriň gapak.
Meslik Däbimize Ýene Başlarys – Omar Haýýam Rubagylar
Meslik däbimize ýene başlarys, Bäş wagt namazy düýpden taşlarys, Meýiň bar ýerinde küýzäň boýny dek Boýnumyz hekgerdip, göwün hoşlarys.