Omar Haýýam Rubagylar
Ýa Meslik Etmerin, Içsem-De Bada – Omar Haýýam Rubagylar
Ýa meslik etmerin, içsem-de bada, Mes boljagmy bilsem, içmerin ýa-da, Maksadym şeraby söýmekden meniň: Ulumsy bolmazlyk – sen dek zyýada.
Akyl Bilen Birjek Bolanlar Sana – Omar Haýýam Rubagylar
akyl bilen birjek bolanlar sana, Haýyp, sagýar olar erkek tana Geý akmaklyk donun, çünki bazarda Bu gün geçmez aklyň çüýrük samana.
Bil Taýýar Eşretiň Gadryn-Mazasyn – Omar Haýýam Rubagylar
Bil taýýar eşretiň gadryn-mazasyn, Wepasyz ýarlaryň çekme yzasyn, Bil ömür gymmatyn, çünki geçensoň, Namaz dek okamak bolmaz kazasyn.
Bu Başym Yşkyndan Bolsady Aman – Omar Haýýam Rubagylar
Bu başym yşkyndan bolsady aman, Bulrury tutmazdy elim bigüman, Ýar bozdy, akyllyň öwreden şertin, Sabryň tiken geýmin dagytdy zaman.
Diýýärler «sözleriň Gözeli Gurhan» – Omar Haýýam Rubagylar
Diýýärler «Sözleriň gözeli gurhan», Şonda-da üns berlip okalmaýar kän, Emma meý jamdaky nurly aýaty Okarlar her ýerde, ony ýadaman.
Dünýäden Peýdalan Ömür Nagtynda – Omar Haýýam Rubagylar
Dünýäden peýdalan ömür nagtynda, Şerap iç, otur-da şatlyk tagtynda, Taňry tagatyňa mätäç däl seniň, Al myradyň jahandan öz wagtynda.
Eý Köňül, Seni Köp Ynjadar Zaman – Omar Haýýam Rubagylar
Eý köňül, seni köp ynjadar zaman, Teniňden jan çykjagyna ýok güman, Hoş geçir baglarda azajyk ömri, Ot bitip, üstüňi basmazdan duman.
Eýe Bolmak Gowy Bir Ýagşy Ada – Omar Haýýam Rubagylar
Eýe bolmak gowy bir ýagşy ada, Pelekden zeýrenmek ardyr zürýada, Şerabyň ysyndan meýmiräp ýatmak, Soýy kimin gabarmakdan zyýada.
Geliň, Meýhanada Durup Geçeliň – Omar Haýýam Rubagylar
Geliň, meýhanada durup geçeliň, Meý urup, bir meýlis gurup geçeliň. Gurhany, selläni meýe çalyşyp, Meçjide omzumyz urup geçeliň.
Gurýaň-Da Her Ýanda Ýüz Dürli Duzak – Omar Haýýam Rubagylar
Gurýaň-da her ýanda ýüz dürli duzak, Diýýärsiň;Kim düşse, ol menden uzak», Özüň tor gurubam, tora düşene «Pasyk» diýip at goýýaň hem «dini bozak».
Hiç Haçan Şeraby Gözden Salmaryn – Omar Haýýam Rubagylar
Hiç haçan şeraby gözden salmaryn, Ýar yşkyndan özge zady bilmerin, «Alla saňa ynsap bersin» diýýärler, Berse beribersin, hergiz almaryn.
Kötegini Urmazdan Öň Bu Zaman – Omar Haýýam Rubagylar
Kötegini urmazdan öň bu zaman, Al şerap içeli, bu gün gel, eý jan, Ölüm pellesinde bu pelek bize, Damja suw içmäge bermez ol aman.
Meniň Tarapymdan a Salam – Omar Haýýam Rubagylar
Meniň tarapymdan Haýýama salam, Soňra aýdyň;Ham ekeniň eý, Haýýam, Men haçan aýytdym meý haram diýip? Akylla halaldyr, akmaga haram».
Meý Jisme Kuwwatdyr, Rahatdyr Jana – Omar Haýýam Rubagylar
Meý jisme kuwwatdyr, rahatdyr jana, Ol gizlin syrlary açar ynsana, Dünýä, ahyreti men talap etmen, Bir damjasy taýdyr iki jahana.
Ömür Depderinden Bir Gün Öçerin – Omar Haýýam Rubagylar
Ömür depderinden bir gün öçerin, Ölüm heläk eder, mundan göçerin, Eý, saky! Tur, getir şeraby bäri, Toz bolup howada erte uçaryn.
Şatlykmy Gaýgymy, Erbet Ýa Sere – Omar Haýýam Rubagylar
Şatlykmy gaýgymy, erbet ýa sere, Pelekden görmein biderek ýere, Medet isläp, göge galdyrma goluň, Oň özi ajizdir senden müň kere.
Şeýle Bir Mukdarda Içerin Şerap – Omar Haýýam Rubagylar
Şeýle bir mukdarda içerin şerap, Ölemde görümden ys çyksyn ýaýrap. Gabrymyň ýanyndan geçse bir humar, Ysyndan ýykylsyn, mes bolsun – ýaraň.
Ýagyrdym, Diýdi Bir Akylly Ynsan – Omar Haýýam Rubagylar
Ýagyrdym, diýdi bir akylly ynsan «Açylmaz ukudan bagt güli asan, Daşda dur, ölüme barabar işden, Köp zaman ýatjaksyň ýer bilen ýegsan».
Ajaýyp Çalt Geçýär Ömür Kerweni – Omar Haýýam Rubagylar
ajaýyp çalt geçýär ömür kerweni, gymmat bil, meýlisde geçen her güni. Eý, saky! çekmegin ertiriň gamyn, Gije geçip barýar, meý uzat, hany!
Baýram Gelip, Işi Düzgüne Salar – Omar Haýýam Rubagylar
Baýram gelip, işi düzgüne salar, Saky meý bermäge ýerinden galar, Oraza rişmesin, namaz notasyn, Eşekleň boýnundan sypyryp alar.
Bu Dünýäde Hiç Bir Orun Bolmansoň – Omar Haýýam Rubagylar
Bu dünýäde hiç bir orun bolmansoň, Meýsizlik, ýarsyzlyk-ýalňyşdyr bilseň, Bu jahan syrlarna düşünjek bolup, Başyny agyrtma – pendimi alsaň.
Din Ugruna Gitmäň, Dostum Bolsaňyz – Omar Haýýam Rubagylar
Din ugruna gitmäň, dostum bolsaňyz, Dertleriň dermany meýdir, bilseňiz, Islegim, gumumdan kerpiçler ýasap, Meýhanaň ýykylan ýerin salsaňyz.
Dünýäden Gorkýa Diýp Pikr Etme Bijaý – Omar Haýýam Rubagylar
Dünýäden gorkýa diýp pikr etme bijaý, Ölümden gorkym ýok, ondan göwnüm jaý, Ölmek hakykatdyr, men ondan gorkman, Güzeran pes bolsa, şol günüme waý!
Eý Omar, Salsalar Seni Nazara – Omar Haýýam Rubagylar
Eý Omar, salsalar seni nazara, Müňkür-Neňkir goýar dürli azara, Agam Aly deňzislige dözermi: Iki bolup, bir adama dyzara?
Eý, Meni Ýaradan Seniň Gudratyň – Omar Haýýam Rubagylar
Eý, meni ýaradan seniň gudratyň, Ekledi bigüman näzi – nygmatyň, Synag üçin ýüz ýyl garşyňa gitjek, Meniň günäm köpmi – ýa seň rehnetiň.
Gök Ýarylyp, Weýran Bolsa Bu Saraý – Omar Haýýam Rubagylar
Gök ýarylyp, weýran bolsa bu saraý, Ýyldyzlar dogmasa, tutulsa gün, aý, Magşar gün ýakaňdan siltäp diýerin: «Ne üçin öldürdiň meni, eý hudaý!»
Gülden Näzik Uzyn Boýly Ýar Bolsa – Omar Haýýam Rubagylar
Gülden näzik uzyn boýly ýar bolsa, Geçme meý jamyndan hem gülzar bolsa, Ajal ýeli degip, gül dek solmadan, Hoş geçir wagtyňy, aklyň bar bolsa!
Içmen Diýp Şert Etme, Tapsaň Al-Şerap – Omar Haýýam Rubagylar
«Içmen» diýp şert etme, tapsaň al-şerap, Goý, diýse – diýsinler pasyk ýa harap, Bilbiller saýraşyp, güller açyldy, Durmak laýykmydyr boş toba garap.
Käbe Hem Buthana Bir Aldawhana – Omar Haýýam Rubagylar
Käbe hem buthana bir aldawhana, Azan bilen zaň hem girýär şu sana, Meçjit, mährap, tesbi, haçlaryň bary, Halky gul etmekden galan nyşana.
Menden Muhammede Ýetiriň Salam – Omar Haýýam Rubagylar
Menden Muhammede ýetiriň salam, Hormat bilen soňra aýdyň bir kelam: – Turşy çaly halal edip şerigat, Neçüýn gyzyl meýi edipdir haram?
Meý Içer – Men Ýaly, Her Akly Bolan – Omar Haýýam Rubagylar
Meý içer – men ýaly, her akly bolan, Daş düşmez «alladan» içmeklik bilen, Owaldan bilýärdi taňry içjegmi, Içmesem, hudaýyň bildigi ýalan.
Niçesar Söger Sen, Eý Sopy, Eý Ham – Omar Haýýam Rubagylar
Niçesar söger sen, eý sopy, eý ham, Wagtymyz hoş meýhanada elmydam. Sen ýektaýyň, tesbiň, hiläň gamynda, Biz bolsak ýar bilen göterýäris jam.
Säher Meýhanadan Çykdy Bir Seda – Omar Haýýam Rubagylar
Säher meýhanadan çykdy bir seda Meýhananyň mesi, eý düli-şeýda Tur, ömýr käsämiz dolmazdan owal Pyýalany meýden dolduran peýda.
Şunça Gam Çeker Sen Bolmadyk Işe – Omar Haýýam Rubagylar
Şunça gam çeker sen bolmadyk işe, Hars uranyň paýy gamdyr hemişe. Şerap iç, üýtgemez ýazylan kysmat, Her näçe etseň-de gaýgy-endişe.
Ýakut Dodak Ol Dilaram Nirede – Omar Haýýam Rubagylar
Ýakut dodak ol dilaram nirede Janymyň rahaty meý, jam nirede? Diýýärler;Haramdyr yslamda», emma Içiber, gam çekme, yslam nirede?
Akmaklyk Ýüzünden Bu Üç-Dört Baýar – Omar Haýýam Rubagylar
Akmaklyk ýüzünden bu üç-dört baýar Hemmeden özüni bilimli saýar, Şat bol, eşeklikden bular özi dek Eşek bolmadyga dinsiz at goýar.
Bilýärmiň Söýgülim, Haçandan Bäri – Omar Haýýam Rubagylar
Bilýärmiň söýgülim, haçandan bäri, Bir güzer etmediň sen biziň sary, Ne habar gönderdiň, ne özüň geldiň, Biler ýaly sensiz çekilen zary.
Bu Dünýäni Gördüň, Göreniň Hiçdir – Omar Haýýam Rubagylar
Bu dünýäni gördüň, göreniň hiçdir, Eşdeniň, sözläniň bary hem puçdur, Her näçe ylgasaň haýry ýok munda, Öýde ýatanyň-da bihuda işdir.
Diýýärler; Din Bilen Bolsa Her Topar – Omar Haýýam Rubagylar
Diýýärler; Din bilen bolsa her topar, Nähili ölseler – şeýle hem gopar», Magşar gün gabyrdan bile çykmaga Aýrylman şerapdan, ýardan bir sapar.
Dünýäniň Gamyndan Söhbet Açjak Däl – Omar Haýýam Rubagylar
Dünýäniň gamyndan söhbet açjak däl, Gül reňkli arassa meýden geçjek däl, Meý dünýäň ganydyr, jahan gandarmyz – Gandyryň ganyny neneň içjek däl?!
Eý Şäher Kazysy, Biz Senden Işli – Omar Haýýam Rubagylar
Eý şäher kazysy, biz senden işli, Şeýle meslikde hem sizlerden huşly, Siz adam ganyny, biz üzüm suwun, Dogryňy aýt, içmekde haýsymyz güýçli?
Eý, Pelek, Ne Duzy Bilýäň Ne Nany – Omar Haýýam Rubagylar
Eý, pelek, ne duzy bilýäň ne nany, Balyk dek dogurýaň çyplak ynsany, Tikinçiň çarhyndan geýinýär adam, Senden şol tigiriň artykdyr şany.
Gökde Bir Sygyr Bar, Adydyr Perwin – Omar Haýýam Rubagylar
Gökde bir sygyr bar, adydyr Perwin, Ýene biri ýeriň astynda gizlin, Bu iki sygyryň aralygynda Bir topar eşek bar, eger etseň syn.
Guýulsa Bulgura Bir Damja Şerap – Omar Haýýam Rubagylar
Guýulsa bulgura bir damja şerap, Synadan gam odun söndürer ýarap, Ýüregi ýüz gamdan gutaran suwa, Eý Taňry, nämüçin diýmersiň sogap?!
Ikiýüzlülikden Gandyr Ýüregim – Omar Haýýam Rubagylar
Ikiýüzlülikden gandyr ýüregim, Eý saky, meý getir, şoldur geregim, Selle, namazlygy girew goý meýe Goý, şeýle berk bolsun meniň diregim.
Küýze Ussalary Laý Eden Güni – Omar Haýýam Rubagylar
Küýze ussalary laý eden güni, Oýlanşyp bir pikir etsinler muny, Haçana çen basalarlar depeläp, Beden topragydyr, oýlamaz ony.
Meslere Baglydyr Meýhanaň Şany – Omar Haýýam Rubagylar
Meslere baglydyr meýhanaň şany, Müňlerçe tobanyň boýnumda gany, Rehmetiň bezegi günälermizdir, Men günä etmesem, hany ýalkany?
Meýhana Gidemde Her Gün, Her Säher – Omar Haýýam Rubagylar
Meýhana gidemde her gün, her säher, Mesler bilen oturamda her sapar, Ähli gizlin syrlar eliňde bolsa, Biz tagat edeli, özüň ynsap ber.
Ömür Kitabyndan Açdym Bir Paly – Omar Haýýam Rubagylar
Ömür kitabyndan açdym bir paly, Düşündim men ondan şeýle ahwaly: Örän bagtlydyr, bolsa her kimiň Uzyn gijeleri, ýary aý ýaly.
Saz Bolsa, Meý Bolsa, Gözel Ýar Bolsa – Omar Haýýam Rubagylar
Saz bolsa, meý bolsa, gözel ýar bolsa, Akar suw kenary hem gülzar bolsa, Ölçeme ojagyn sönen dowzahyň, Şudur jennet, eger jennet bar bolsa,